Krymyň Russiýa tarapyndan bellenen "ýolbaşçysy" Sergeý Aksýonow Foros obasyndaky şypahana we mekdebe pilotsyz uçarlar bilen zarba urlandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu hüjümde üç adam öldürildi, 16 adam ýaralandy.
Onuň tassyklamagyna görä, şypahananyň çägindäki desgalaryň birnäçesi zaýalandy. Mundan başga, urlan pilotsyz uçaryň galyndylary Ýalta şäheriniň çägindäki gury ota ot düşmegine sebäp boldy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainany oba hüjüm etmekde aýyplady.
Ministrligiň maglumatyna görä, zarba Moskwa wagty bilen sagat 7:30 töwereginde uruldy.
Ukrain häkimiýetleri bu habarlar barada entek hiç bir düşündiriş bermedi.
Ukrainanyň "CyberBoroshno" habar gullugy "Terletskiý internatynyň, “Foros” mekdebiniň we şypahanasynyň golaýyna urlan zarbalar baradaky habarlaryň hakykata laýyk gelýändigini" ýazýar.