Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin, iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bardy.
Türkmenistan BMG-niň çäklerinde Bitaraplyk we parahatçylyk bilen baglanyşykly başlangyçlary işjeň öňe sürýär; Türkmenistan we BMG Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär diýip, habarda bellenýär.
Bu sapar türkmen metbugatynyň Berdimuhamedowyň 44 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dünýä ýurtlarynyň liderlerinden gelýän gutlaglary çap edýän wagtyna gabat geldi.
Berdimuhamedowyň iş sapary dowam edýär.